Diýarym Tegelekhoz

Gatbar-gatbar gaýaňdan geçmişiňi bilerin,
Elmydama Alladan abatlygyň dilärin,
Gaýgylaňda gynanyp, sen güleňde gülerin,
Gitsemde men ýurt aşyp, seň gadryňy bilerin,
Diýarym Tegelekhoz, ilim meň Tegelekhoz,
Diňe sen diýip saýrasyn dilim meň Tegelekhoz.


Äpet-äpet hozlaryň gögeripdir tegelek,
Sen durmuşyň yşygy, menem saňa kebelek,
Saçagyňdan hiç haçan ýitmesin tamdyr çörek,
Seniň ogul-gyzyňy hiç gynamasyn pelek,
Diýarym Tegelekhoz, ilim meň Tegelekhoz,
Diňe sen diýip saýrasyn dilim meň Tegelekhoz.


Ähli ogul-gyzlaryň arkasynda kitapdyr,
Gujurly işgärleriň ajap jaýlar ýasapdyr,
Dükanly söwdagärleň ýan ýoldaşy ynsapdyr,
Haram gatman halala, bar işinde hasapdyr,
Diýarym Tegelekhoz, ilim meň Tegelekhoz,
Diňe sen diýip saýrasyn dilim meň Tegelekhoz.


Zähmetsöýer daýhanlaň guşluk öýle çaý guýar,
Gysganman tagam duza, myhmanada paý goýar,
Dost-ýarlaryn üýşürip käte bagoýun soýar,
Ogul-gyzyň bagtyna agtyk-çowlugyn söýer,
Diýarym Tegelekhoz, ilim meň Tegelekhoz,
Diňe sen diýip saýrasyn dilim meň Tegelekhoz.


Ruhum göterýän daglar, arçaly kerkawlydyr,
Çarwalaňda süri mal, çölleriň hem awlydyr,
Çeşmeleriň joşduryp, dereleriň zawlydyr,
Gat-gat salynan jaýlaň tüýnükli ternawlydyr,
Diýarym Tegelekhoz, ilim meň Tegelekhoz,
Diňe sen diýip saýrasyn dilim meň Tegelekhoz.


Amangeldi Rähşa


بازدید این شعر :
1545