Gara göz gelin

Tomaşa eýläp toýlarda görenler ýagşy diýdi,
Ýylgyrşyň janym aldy, gözle, gara göz gelin,
Zer-ziwerden bahaly, simu-zerden don geýseň,
Şehdi-şeker dillerden, sözle, gara göz gelin.


Özge gyzdan-gelinden zyýat görner gözüme,
A gyz, derdiňden öldüm, indi ynan sözüme,
Ähtiýajym ýok senden, haýa gelmez ýüzüme,
Meni bir pynhan ýerde gizle, gara göz gelin.


Ýigidiň bil kuwwaty-at-esbaby, ýaragy,
Iki aşyk dünýäde bir-biriniň geregi,
Säher tursa golunda şirmaýydan daragy,
Şana urup zülpüňe, çözle, gara göz gelin.


Eý söwdügim, sallanyp, ýörişin bar ýollarda.
Şemle guşap, al geýip, hup ýaraşar billerde,
Seniň deý näzli dilber, gezsem ýokdur illerde,
Hanjar alyp bagrymy, duzla, gara göz gelin.


Gulak goýsun sözüme her kimki bolsa aryp,
Seniň deý ýok dünýäde, gezdim jahan agtaryp,
Mätäji diýr, sen Şasenem, men aşygy kel Garyp,
Öňki aşyklar ýolun, yzla, gara göz gelin.


Mätäji


بازدید این شعر :
2007