Hiç görmedim illerde
Tahyryň seýr etmiş pany jahany,
Sen dek gözel hiç görmedim illerde.
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Bilbiliň saýramaz özge güllerde.
Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
Yşkyňda biçäre, köýüňde bar men,
Tä ölinçäm, seniň ýoluň garar men,
Röwşen kimin gözüm galdy ýollarda.
Hanjaryň janymda, oklaryň tende,
Gamzaň oky öldir, kast eder günde,
Suratyň göremde, hyýalyň mende,
Ýüzüň ýüregimde, sözüň dillerde.
Ne melek sen, beşer diýrler soýuňa,
Gözüm takat bermez baksam roýuňa.
Kadyr Alla zinet bermiş boýuňa,
Hiç tapmadym sen dek sagy-sollarda.
Mis özün zam etmiş simi-zer bilen,
Muş barabar bolmuş murgy-per bilen,
Zöhre hemra bolmuş bir şikar bilen,
Enwer dür içinde, göwher güllerde.
Säher seýle çyksa, ger degse ýeller,
Ogşaşar her ýana, getirse tiller,
Zerefşan gulpaklar, syýa käkiller,
Çözseň — ýere düşer, örseň— billerde!
Ak jeren dek bolup, her ýan bakarsen,
Anbar, efşan zülpüň ýüze dökersen,
Seýle çyksaň, ak jeren dek bökersen,
Jeren hem sen kimin bökmez çöllerde.
Bir sowal getirmiş sabanyň bady,
Göndermiş magşuga — Zöhredir ady,
Gözlerinde ýaşy, bagrynda ody,
Sargydyn-sabadan, sözi ýellerde.
Arzuw eýläp, ýete bilmen jaýyňa,
Janym pida bolsun aýak tozuňa,
Yrakdan guwanar gül jemalyňa,
Tahyr sowal etmiş ejiz hallarda.
Mollanepes [Zöhre-Tahyr]
2068