Türkmen dili
Diri men diri diýip dem alyp dur,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Onuň ömri gün-günden kemelip dur,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Käte bir ulanyp aýda hem günde,
Bukup goýduk ony öýüň çüňkünde,
Ýaşap ýör ol her Türkmeniň süňkünde,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Syrkawmy hastamy? sorap halyndan,
Dönmäliň biz Türkmenligiň pälinden,
Kök ýitse, peýda ýok düýe malyndan,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Bilýän, sözleriň bal bilen şeker,
Seniň sözleriňdir tylla bilen zer,
Ýöne Türkmen dilim tylladan öser,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Bizi ýalkaweri beýik ýaradan,
Türkmen dili hiç çykmasyn aradan,
Hawa diýmek kiçi däldir (are)den,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Diýmez men bolmasyn sowat hem ylym,
Her bir dilde bolsa, öwreniň bilim,
Dillerde şa bolsun bu Türkmen dilim,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Iýjek bolsaň halal bir döwüm çörek,
Parsça dil hem gerek, iňlis hem gerek,
Ýöne Türkmen heňi bilen uraýsa ýürek,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
(Färş) bolup gitmesin Türkmen keçesi,
(Ämme) bolup ýatmasyn ejekesi,
Türkmen sözi ýitmesin ýekejesi,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Dilim bolsa, Tagaraw dek dagam bar,
Dilim bolsa, gülläp ýatan bagam bar,
Mende (dadaşy) ýerine agam bar,
Agalar goldaşyň Türkmen dilini.
Dilim ýitse, ýitip gider bu dagam,
Dilim ýitse, solup gider bu bagam,
Bir azajyk meni diňläýdä agam!,
Barymyz goldalyň Türkmen dilini.
Çyndan ýalbarýaryn çöküp men dyza,
Owadan syratly gelinler gyza,
Ene dilin horlap taşlama yza,
Barymyz goldalyň Türkmen dilini.
Kelläňden hiç haçan gaçmasyn ýaglyk,
Şükür, men günüm bar, beglik hem şalyk,
Türkmen söze teşne mysaly balyk dostlar,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Gözümiz görmesin hiç wagt ýamany,
Ejelermiz bolup gitdi (Mamany),
Dostlar bir azajyk diňläň Amany,
Dostlarym goldalyň Türkmen dilini.
Amangeldi Rähşa
2002