Zehinler daýhany

Yssy howa bilen sowulyp bir ýan,
Tomus pasly göçüp gitdi illerden,
Gije gündiz deňdir, bolanda mizan,
Okuw jaý gürrüňi gaçmaz dillerden.


Miweler bişende gelýär mugallym,
Ylym daragtyny ekmek isleýär.
Ýapraklar düşende gelýär mugallym,
Nadanlyk şahasyn kesmek isleýär.


Miweler düzülip bezenýär baglar,
Bol hasyldan daýhan keýpi hoşlanar,
Hazan ýuwaş-ýuwaş tapylan çaglar,
Mugallymyň ekin işi başlanar.


Gün bolup bakar, ýa suw bolup akar,
Ylyma teşne göwünleri gandyrar,
Käte gamgyn bolsa, ýyldyrym çakar,
Joşgun sözläp ýürekleri ýandyrar.


Bismilla diýip başlar sözüni,
Kyn mesele aňsat çözülip başlar,
Her göreňde mähirlije ýüzüni,
Köp zatlar zehine ýazylyp başlar.


Gyş gelipdir, daýhan bagy doňupdyr,
Mugallym ýüregi hiç wagt doňmady,
Ak gar bolup rehmet ýere eňipdir
Jahan ýüzi ak depdere meňzedi.


Ýaradan depdere bahary çekdi,
Ýaz gelende älem-jahan gök bolar,
Köp çeken zähmeti ýadyndan çykardy,
Bu gün mugallymyň keýpi kök bolar.


Sapaklaryň alyp bir pelle ösdüm,
Beren sapagyňa sag bol mugallym,
Ençeme pasyllar üstüňden ötsün,
Bag bolup solmada, dag bol mugallym.


Senden joşup dursun ylym çeşmesi,
Elmydama süýji sözüň bar bolsun,
Mydam senden gansyn bilim teşnesi,
Elmydama Alla saňa ýar bolsun.


Ýene bahar pasly bir ýan sowulyp,
Hoşlaşmaly zaman geldi mugallym,
Çagalar ýüregi gussadan dolup,
Diýdiler : Hoş! Amangeldi mugallym.


Amangeldi Rähşa


بازدید این شعر :
1980